Garaşýan tire

Saňa töhmet atýan wagty hökümet,
seniň agzyň dykýan wagty hökümet,
seniň kakaň kowýan wagty işinden,
ölýän wagty ejeň ýüregin tutup,
hakykatda bilýär, düşünýär tire
näme bolýar ýa-da näme bolmaýar,
ýa-da özi goýuljak däl sylanyp,
emma oňa seniň ýanmagyň gerek,
tozamagy gerek külüň asmana,
içi gülýär saňa diýilse haýyn,
daşy gülýär saňa diýilse dönük,
emma ilki özün satan mugtuna,
soňra çagasyna, ýalňyş görelde,
ikýüzli ýaşamagyň nusgasyn
miras goýup, batýar bahyl kölüne,
bile münüp, bir gämide otursaň,
düýbün deşýän boljak bolup kapitan,
göripligi gorkusyndan has beter
gujaklaýar, goýbermeýär taýpany,
gara müýni birleşdirýär olary,
nikalaryn gyýyp egrilik bilen,
şonuň üçin garaşýarlar sabyrsyz,
boljak bolup soňky begenen, gülen

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024