Içdäki ynam

Öňem biri diýipdir kän,
gözlemerin hiç bir zady,
maňa berlen bolsa başdan,
özi geler, gaçman bady,
goý, daşyma demir haýat
aýlasynlar üýşüp, köpläp,
dogan-gardaş, gelmesin goý,
galsyn öýde bilmän gepläp,
eger etsem işim çyndan,
ýüregimden, ikilik ýok,
bilinmeýän, görülmedik
dostlar geler, atly ýyndam,
gözläp tapar meni hökman,
öňem biri ynanypdyr,
menem diýýän bolar, gorkma!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024