Goşgy kyssasy
Adam goşgy ýazyp, özün
dökýän ýaly kagyza ýa
okajagyň ýüregine,
bu, belki-de, gerek örän,
oň özüne, soňra başga,
ýogsa dagda, daşda galyp,
ýaşamazdy gazal, goşgy,
ýaşamazdy şahyrlar-da,
kitaplaryn sil alansoň,
ýa ýakylyp, din alansoň,
täzelenip döwür, eýýäm,
adam goşgy ýazyp, özün,
pikir etmäň diňe iýýär,
geýýär diýip aýakgap dek,
dar bolsa-da, bertilse-de,
goşgy ýazyp, saklanýar ol,
günde ömri kertilse-de