Ýapyk bolma

Sen açyk bol, bolan müýni,
ýa müýnsüzler, uly, kiçi,
aýdyp bilsin sözün göni,
çekinmesin wezipäňden,
täsiriňden, bolsa eger,
hatda agyr düşse käte,
jabjynma, hiç ýüzün alma,
gataltma sen sesiň, meger,
diý ýa diýme, adam ogly
öz deňinde galar diňe,
öz daşyny ýa kesegin
ýeten ýerne salar diňe,
ýüzüň, gözüň gora, dogry,
seresap bol, iň esasy,
ogry bilen bolma ogry,
kezzap bolma kezzap bilen,
sögme hapa sögenlere,
deň bor ahyr aglan, gülen,
alyp galma halta salyp,
aşyk ýaly, kän oýnalan,
her zyňylan daş, kesegi,
goý özüne bolsa açman
düwünçegin açyk arlyň,
sapak edin açsaň eger,
sen açyk bol, ýapyk bolma,
ýapyga daş gaty deger.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024