
Geniý betbagtçylygy
Näçe geniý aç, ojagy ýylaman,
çaý puluny tapman geçdi jahandan,
ýa-da içdi ele düşen puluna,
haýpy gelip içindäki guluna,
senedini söýýän özünden beter,
weýran edip galan-gaçan saglygyn,
näçe geniý çekdi, keýpin kökledi,
keýpi üçin iki günlük mesleriň,
ili talan, ýurdy talan, ýüreksiz,
kime gerek geniý, şolardan başga,
beýik boljak bolýan genini diňläp,
sazlaryny, aýdymyny, ýa çeken
suratlaryn satyn alyp bäş şaýa,
hakykatda düşünip däl olara,
lezzet alýan öz pulundan güjeňläp,
soň, ölensoň, olar hakda, bilýäris,
gör, nähili gowy sözler ýazylar,
ýa aýdarlar, bilen ýaly bar zadyn,
ýa ýanynda bolan ýaly geniniň,
emma diri wagty, garaşma, gelmez,
gören bolmaz onuň boýuny, inin.