Ogurlanan durmuş
Durmuş seniň durmuşyňy eliňden,
oýunjagyn alan ýaly çaganyň,
alar edil özüň bilip-bilmänkäň,
aglajakmy, ýa mert boljak, çözmeli,
öz meseläň, başga kişiň işi ýok,
soň kowalap, çörek atly gaçanda,
bir gün görseň, bolarsyň sen dişi ýok,
ýa indi kän hiç ylgasy gelmeýän,
käşgä bolsa, bu günlere salanlar,
bolup bilse seniň bilen ölmeýän.