Ezijiniň hyzmaty

Kän ezilen, kemsidilen,
basgylanan il ölmese,
baky dursa puluň mesi,
ezilenler egbar düşüp,
gutarmasa yzy, nesil,
çörek nobatynda gyrlyp,
ýa-da maýyp bolup göwni,
bolmasalar göýdük, öwnüp,
gul bolsalar, şa ogly dek,
içip, çekip tapanyna,
ezijiniň sapaklary,
şarpyklary ýüze degen,
taýýar eder bir gün hökman,
ýok, birden däl, ýuwaş-ýuwaş,
ezijini tanajagy,
saýgarjagy sagyn, solun,
hem biljegi ezijiniň
ili bölüp, edýän zadyn,
soň eziji, Alla tapsa,
aýdyp biler halyn, dadyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025