Türme we sen

Sen türmeden çykjak bolsaň,
gezjek bolsaň açyk ýerde,
gözenekden däl-de diňe,
özüň baryp, ýat şäherde,
hyýalda däl, hakykatda
guşlar bilen söhbet gursam,
gorkman, gelip aýamdaky
çöregimden iýip bilýän,
diýseň adam bolup galjak,
gezjek, görjek, lezzet aljak,
ýa ýaşajak gorkman beýle,
ýa ynanyp adamlara,
her sözümde gurman hile,
görmeli sen özüň ilki,
a soň seretmeli ile.

Tussaglykdan çykjak bolsaň,
azat boljak bolsaň biraz,
aýdym aýtman gandal hakda,
öz-özüňe bolman diwar,
ýa-da diwar bolanlara
akyl satman ýolda saklap,
öwrenmeli tanamagy
kerpiç bolan adamlary,
sement bolan adamlary,
çäge bolan adamlary,
ýa tikenli sim bolany,
ilki görüp, el degirmän,
soň bilmeli gaçjak ýeriň,
oýlanmaly, gahar bilen,
diliň bilen açman özüň,
sen türmeden çykjak bolsaň,
ýummajak bol açyk gözüň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025