Surat

Sagat sapagy

Ezijini, wezipeli, nökerli,
türmesi tussagdan doly, boşajak,
azat boljak bolsa pul berip kirli,
diňe dogan-garyndaşy goldamaz,
tiredeşi, taýpadaşy ýa bile
okan dosty, milletdeşi goldamaz,
goldar ony alajy ýok, satylan,
öz bähbidin goýýan mydam ýokarda,
ilim diýen bolup, gülýän batyla.

Belki-de ýigrener ýeke dogany,
ýa aýaly, ogul-gyzy, başarsa,
başyn gora sokup, ýakjak bor diri,
ezijini hiç kim goldamaz çyndan,
hiç kim oňa diýmez arslanym, şirim,
ýüreginden, içden gelip sözleri,
siňe baksaň, öwýänleriň zalymy,
çylgym-çylgym, gan görkezer gözleri.

Şondan şalar, şa bolanda, kämahal,
doganyna çenli gundagda ýatan,
buýruk berýär, bolmaz ýaly garşydaş,
bu dünýeden ýok etmegi, itmegi
gara gorpa, gaýdyp gelip bolmaýan,
şondan, belli, gözün aldy oglunyň,
o bir türkmen, goly ganly, edermen,
guly bolup, içindäki dowlunyň.

Ezijini iň goldaýan dogan däl,
tiredeş däl, milletdeş, müşderi,
ýurt içinde, ýurt daşynda ýeterlik,
nobat belläp, görünmeýän, görünýän,
hatara dur olar, içine girip,
gara oýnuň çöpi bolup her ýerde,
nämä gerek gülmek, bilmedik bolmak,
ezijiler ýaly, sürýän döwrany,
görüň, Umaýýadlar nähili boldy,
Abbasidler nädip dargatdy özün,
ýa Seljuklar, hany köşgi-eýwany,
bu bir mysal, müşderi kän hemişe,
ertir ezijiniň ýerini aljak,
dogry, biraz çylşyrymly bu işler,
ýöne sagat diýýär bir zatlar boljak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025