Surat

Içdäki hakykat

Bu biriniň aýdan zady,
emma aýdan aýtman adyn,
diýipdir ol bu durmuşda
her duşanyň öz orny bar,
biri seni synar, seçer,
beýlekisi basyp geçer,
ýoldan geçen ýaly ýagyş,
ýa gar ýagyp, eränden soň,
hapalaman aýkgabyn,
ýa öl etmän balagyny,
saňa näme bolanda nä
bu dünýede, belki, bol zat,
ulanyjy ýa ulanan,
oýnan boljak adamlardyr,
her zat bolar, ýok ýalany,
ýaşsyň başda, ynanarsyň,
söýen-de bor, ýigrenen-de,
ýöne ilki halap gaty,
göwni galan kineli bor,
ýykan ýaly söwer aty,
emma bary sapak berer,
durmuş okuw durşy bilen,
hiç sowulmaz urşy bilen,
gowy ýeri, birleri bar,
pamyk bilen damak çalan,
açar seni gapy ýaly,
penjire dek, iki serpip,
döwüp aýna, tutawajyn,
tana diýip, içden çykman,
busup ýatan çyny, ajy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024