Surat

Giden il

Sen özünden gaçýan ile,
bilmän ýa-da azaşyp däl,
bilip ara açýan ile,
ýa daşlaşýan, gelýän diýip,
ýa aglaýan, gülýän diýip,
ýa-da garyp, gatýan baryn,
bulaşdyrjak bolup yzyn,
ýa özüçe alyp aryn,
özüni has daşa itýän,
öz gözünden özi ýitýän,
has uzagy guçýan ile,
ýakyn bolup bilmersiň,
akan suw dek, öz-özünden
giden ile dolanmarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024