Surat

Düşündirjek bolma

Ýaralanyp, ölmän galyp, ýürekde,
ýa beýniňde galan gyçagyn okuň,
görkezme adama çykaryp, açyp,
goşgy ýazma, aýtjak ýaly täzelik,
kyssa ýazma, üýtgetjek dek pälini,
habary ýok, bolmaz açlardan dokuň,
ynanma, namardyň atan töhmetin,
çeken ejirleriň, hatda içeňde,
ýat illerde duşsa özüňe meňzeş,
bilip-bilmän kimden gelenin gaçyp,
mysapyrlyk derdi etse-de ýagyr,
ah-wah edip, derdim diýse-de agyr,
otdan, suwdan geçniňi agzama,
satjak bolýan ýaly özüňi gymmat,
goý, kim bolsun, eger bolsa babadaş,
biri bolar saňa guranyň hile,
gürrüň berme janyň ýakyp hiç zady,
düşündirjek bolma özüňi ile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024