Peýdasyz perişde
O biriniň ejesine zat diýme,
bu biriniň kakasyna zat diýme,
seni ejeň goýan bolsa şu ýerde,
ýa-da kakaň taşlan bolsa, kitapsyz,
ýa depdersiz okap, ýazjak wagtyňda,
ýa-da öý işleriň etmedik bolsaň,
kitap dükanyna gitmedik bolsaň,
çilim, arak dükanynda eglenip,
o biriniň ogly obadan gelip,
ýa şäherde okan bolsa gyzlary,
tikin maşynyndan düşende agşam,
gelen bolsa bir menzile, derejä,
ýa-da ýurdy üçin, milleti üçin
bir zatlary etjek bolan adamlar,
başarsyn ýa başarmasyn köp zady,
saňa, kim bol, bergili däl, borçly däl,
sen gowusy diliň ýygna, peýdasy
bu dünýede, o dünýede ýetmejek,
o biriniň ejesine zat diýme,
bu biriniň kakasyna zat diýme,
ýa zat diýseň, bu hiç peýda etmejek.