Surat

Sen we öňki

Sen gygyrma, diňlemese diňleýjiň,
ýa diňleýän diňläp goýsa, galmasa,
galkyn diýlen ýerde irkilen bolup,
ýa-da diýse käbirisi içinde,
iki sözi çatyp bilmän düzüwli:
“Goý otursyn öňki, sen geljek bolsaň!”,
oýlan, seret, näme çykýar agzyňdan,
ýa-da okuw, sowat derejäň näme,
ýa-da köpi gören bolup aýdanyň,
edeniň özüňe garşy gelýärmi,
bilmeýärmiň haýsy döwür, zamana,
kim sözüňe sogan dograp, duz atjak,
gelýän barmy gürrüň bilen amana,
golun baglap, boş goýýançaň tabagyn,
ýa-da suwa zar edýänçäň, gygyrma,
galdyrjak ýok saňa gaşyn, gabagyn.

Bilýär-ä il, görüp otyr, gözi bar,
sözi-de bar, belki, özüne görä,
Lenin geçdi, geçdi Stalin serdar,
ýa soňkular, atyş-atyş oýnaşyp,
kim nämäni wada berdi, getirdi,
ýa-da adam nirde düýe ýitirdi,
ýa näme üçin duşamady aýagyn,
bu gün bir zat diýip, ertir başgasyn,
näçe gygyr, kim ynanjak sözüňe,
ýa özüne, göwni durşuna gasyn,
müňkür bolan soňky dyrnagyna çen,
ýok, dowam et, kes sesiňi diýjek däl,
ýöne sesiň sylajak bol aňlasaň,
sylag näme, ýa arlamak adama,
ýa sen, görýäň, üýtgeşik däl öňkiden,
nämä gerek özüň aldap ýadamak?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024