Ýagyr ýurt

Ýesir millet, el-aýagyn goýberseň,
iş öwrener iki ýylda, üç ýylda,
düşünýär ol, kommunizm gelmejek,
boş gürrüňden garny doýjak adam ýok,
işlär millet talaňçydan sypynsa,
özün eklär, ýurdy eklär, ýolbaşçy
köçä çykyp, gezip biler goragsyz,
emma iliň goýbermeseň aňyny,
telewizor bolsa terrorçy, ýalan
ýylan bolup owsun atsa her agşam,
otuz ýyllap tutup, basyp milleti,
gaçyryp ýurdundan, gurmarsyň jennet,
kitap ýaz, saz döret, aýdyma gygyr,
emma köçä çykyp bilmän arkaýyn,
hem özüň, hem ýurduň edersiň ýagyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024