Bir aýalyň beýleki aýala aýdany
Sen bilmeseň owal-ahyr etmeliň,
eşitmedik bolsaň dogran eneňden,
ýa-da öweý, üýşenmek däl gitmeliň,
ýetişmeliň gypjyn-gypjyn durmuş däl,
galdyrmaly gara başyň kem-kemden,
seretmeli töwerege, daşyňa,
okamaly, öwrenmeli, görmeli,
düşünmeli näme bolýar, bolmaýar,
eger eneň, ataň bolsa-da ogry,
ýa-da doganlaryň, daýy, ýegeniň,
çykanlaryň, ýa keseki, ýedi ýat,
gelejegiň ogurlaýan, mekdebi
para, peşgeş bilen ýumuryp, ýykyp,
gurýan bolsa 'altyn asyr' özüne,
a sen gurjak, äýnek dakan gözüne,
ýa hyzmatkär bolsaň eli sübseli,
garnyň üçin gije-gündiz işleýän,
soňy ýok muň, sen turmaly, durmaly,
manysy ýok gorkup ölmäň taýakdan,
bilýäň, gyrnak bolup özüňçe ýoga,
ýaşan bolmak bar edilen arzuw däl,
ýa guwanmak özüň ýaly gul çaga?