Aýtmasy aňsat zat
Belki, doglan günüň, başdan,
boýun alyp ýalňyşanyň,
aglajagyň üçin käte,
aç bolaňda, emme diýip,
ýa başga zat üçin, belli,
iş edersiň içseň, iýip,
öwrenmeli gözüň ýaşlap,
ötünç, uzur dilemegi,
baş egmegi başsyz ýaly,
saraltmagy ak ýüzüňi,
müýne jaýlap gözleriňi,
yza alyp sözleriňi,
aýdan bolsaň, ýa-da pikrin
eden bolsaň aýtmagyň öň,
ýatda saklap mydam, hüşgär,
diýip, walla, geç günämi,
kiçeltmegi özüňi bek,
bu bir açar hem ýeke-täk.
Seret, durmuş, daş-töwerek
hanlar, begler, eli ganly,
ýa-da nöker bolan hana,
goýmaz olar geçir diýip,
baş egmeseň, diýip jana,
gün görmäge ine-gana...
Soňra, bir gün, ömür geçip,
düşünersiň nädeniňe
öz-özüňi ötünç sorap,
soramasyz zatlar üçin,
geçir diýip, geçip bilmän,
iýjegiňi iýip bilmän,
içjegiňi içip bilmän,
gaýgy edip, iýip özüň,
ýuwdup dile gelen sözüň,
aýna baksaň, özüňi däl,
görüp birden çal ökünji,
tisginersiň arwah gören,
ýa düýş gören çaga ýaly,
aýtmak aňsat, dik tut başyň,
ýaşajak bol aga ýaly.