Kapasa söweşi

Ol adam, guş ýaly, kapasa salnan,
ýa-da doglan kapasynyň içinde,
özi uçup, gurçuk tutup görmedik,
açylsa-da, çykyp bilmän ýa çyndan
öz gaýgysyn edip bilmän oturan,
sebäbi bar bilýän ýeri gözenek,
Güne tarap uçmak hatarly oňa,
ýa başga-da belasy kän jahanyň,
ýöne, dogry, gürrüňi kän, diňleseň,
garym-gatym, çyn-ýalanyň nirede
ýol, ýodasy aýrylyşýar, bilmeýär,
ýa bilenin saljak bolýar galyba,
boýy, ini üýtgemedik elli ýyl,
zat diýmeseň, gep gözleýär jaň edip,
osmakladyp ony-muny soraýar,
gerek dälin Staline, KGB-ä
eşitmeýär gulagyna gygyrsaň,
ýöne mydam urjak bolýar agyrdyp,
gowy bolýar diýýär öňürdip ursaň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024