Sapar mirasy

Sapar kitap ýazandan soň, eý, Alla,
öňki ýazan, soňky ýazan biderek,
ýa pessimist boldy, ýitirip ýolun,
eger galjak bolsaň gadagan bolman,
ýa-da boljak bolsaň dalaşgär, alym,
ýalan sözlemeli iliň öňünde,
gözüň-gaşyň çytman, ýylgyryp süýji,
ýazyjysy bolsa ýasama, halkyň,
şahyrlary bolsa ikiýüzli, pak,
ýele gidýär, belki, sözüniň güýji,
näme diýsin, ýa diýmesin soňundan,
ýa-da ýazsyn saýlap sözüň gözelin,
ynsap hakda, iman hakda, din hakda,
aňlatmaýar sözi diýýän zadyny,
soň ol näçe ahmyr etsin, ýa dymsyn,
ýa unutsyn şa şahyryň adyny,
gülki bolýar millet özüne, ile,
Sapar kitap ýazandan soň, belki-de,
bize galan miras al bilen hile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024