Söz bagyndaky başagaýlyk
Şer ýolunda, ýalan-ýaşryk gürrüňde,
ýa gybatda, ýeňsesinden adamyň,
myş-myşlarda birleşse-de ýüz, müňläp,
birleşse-de biparhlykda, boşlukda,
iki adam şere garşy göreşde,
özi üçin, ili üçin birleşmez,
ýa birleşse, duşman bolar ertesi,
ýöne durmuş gelin ýaly owadan,
ýüzüňe syl, baýdak gyzyl kürtesi!.
Arman durmuş diňe toý däl, tomaşa
soň başlanýar, agyr ýolda birigip,
iki adam göreş tutsa şer bilen,
dogan, dost-ýar, jübüt, är-aýal bolup,
bir tireden, bir milletden, ýa başga,
begenmeli, guwanmaly, eliňden
näme gelse, belki, eltip bermeli,
iň bolmanda, aýbyn gözläp, jeň gurman,
umyt edip, gowy ýerin görmeli.
Ýok, beýle däl, aýdyp agza gelenin,
gygyrmaly gapdalyndan, bölüji,
arabozar oýnun oýnaýan bolsaň,
Alyň ala meýdanyny gabanyp,
balyk tutmak aňsat diýip, otuz ýyl
suwy bulandyryp doýmaýan bolsaň,
aslyşmaly orta çykan kim bolsun,
diňe gara äýnegiňden seredip,
eger bolsa özün sylan maşgala,
getirmese golaýyna, goltuma,
diliň bilen düşegine girmeli,
a soň bolan bolup ýazyjy, şahyr,
söz bagynyň gül-gunçasyn tirmeli...