Lenji çykan drama
Bu sadalyk, samsyklykmy adaty,
ýa galmagal, şermendelik, syýasat,
berim bilen beg bolunýan döwletde,
nämesi geň bege atylsa haýbat,
ýa it ýaly kowulmagy adamyň,
"Bar, git!" diýip, märekden, mejlisden,
tutulmagy, basylmagy ertesi,
ýa-da şol gün, buýruk berilse gyssag,
bu bir otuz ýyllyk drama, eser,
kime ýeser, kime gam bilen gussa...
Olar gowy bilýär barýan ýerini,
ilki nädip barmalysyn öwrenip,
a soň nädip üzmelisin bergini,
bilýär olar näme boldy ozalky,
iň dogumly ministre, häkime,
aňýar olar diňlenjegin gepiniň,
irde-giçde açyljagyn sepiniň,
soraljagyn soraglaryň amatsyz,
tanaýarlar olar biri-birini,
bile çykan Garagumda tümmege,
bir-biregi süýrän, çeken oglanlar,
bilýär olar, ýel, harasat ýokarda,
kimiň haçan zyňyljagy belli däl,
çünki gorky iň esasy geňeşçi,
nämesi geň, deňiz, derýa ýa jeňňel,
uly balyk, kiçi balyk, arslan, şir,
biri-birin burça gabap almaly,
bu bir kada, görýär millet, synlaýar,
iň ýokarda iň hapalar galmaly,
soň aşakda çydamadyk, ýarylan,
hapa sögüp, biraz öňe saýlansa,
bolýar ile merdi-merdan, ar alan.