Köne ýaralar
George R.R. Martiniň äheňinde
Käbir agyr ýaralary milletiň,
mysal üçin, han ýarasy, ýaramaz,
aňsat-aňsat, bäri-bärde gutulmaz,
gutulan ýalaky, biten ýalaky,
hatda yzy ýiten ýaly bolsa-da,
açylar ol ýene, ýyllar geçensoň,
aglak düşse, eli ýukalsa halkyň,
türmeleri dolsa, galan erkekler
arakhor, tirýekkeş, çilimkeş bolsa,
galanlary gitse iş gözläp, çykyp,
ýat illerden gelip bilmän kösense,
gyz salgydy geler yzyna ýene,
iň garyby basyp aşak egninden,
iň sansyzlar aýal alar iki, üç,
diňe alyp oňmaz, basalar, gynar,
käbir ýaralary bitmez milletiň,
sähel howa gyzsa, açylar, ganar.