Ile bolan zat

June Jordanyň äheňinde

Aýt olara, men garaşdym,
kän garaşdym, iller ýaly,
nobat bekläp, gije-gündiz,
açyk diýlen gapylaryň
ahyr bir gün açylarna,
jygyldysy derwezäniň,
demir gulply, zynjyrlanan,
poslap giden, çykar bir gün,
ýa-da çykar jany hanyň,
gyz salgydyn salan ile,
millet ýatmaz gurup hile,
öz-özüne mundan artyk,
diýip özüm köşeşdirdim,
ýyllar geçdi agyr, ýortup
hiç gelmedi garaşylan,
hiç bolmady boljak oglan,
ýalan, ýalan, diňe ýalan,
ulus ile boldy bolan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024