Wagt meselesi
O gün biri pul diledi,
kyn ýagdaýda, düşünýärin,
gönüläp däl, aýalyndan,
zürýadyndan nägiledi.
Diýdi olar geljek puluň
öňün kesdi, ynanmadym,
öň bir gezek, iki gezek
bitiripdim möhümini,
hem bilýärdim, azda bolsa,
kömek berip duranlary,
soraşdyrdym, hawa, şeýle,
boldugyndan iberýäris,
diýdi biri, ýalançy däl,
men saklandym, ýöne ýene
habar geldi ondan, mundan,
kömek berjek diýenmişiň,
garaşýar ol, kyn ýagdaýy,
çykjak basym azatlyga,
sanap otyr güni, aýy...
Bu bir zäher, awy, belki,
ilki seni daş edinjek,
basyp geçmek üçin suwdan,
soňra müýnli etjek, bolsa,
ýüz öwürip ak arzuwdan,
batga batyp, baryp açyk,
il heläkkä ýolda, gaçyp.
Soň hat ýazdy, gahar bilen,
iň soňkusyn aýdyp, meger,
bu netije, gutulgysyz,
dereksize berseň deger.