Durmuşyň manysy

Durmuş näme, bu soragy
kim özüne bermän bildi,
ýa soraman, giç düşünip,
kellesini sermäp güldi?..

Ol entedýär adamlary,
belki, süýji berip başda,
ellerine, dillerine,
a soň ajy gelýär yzdan,
el uzatsaň güllerine
tiken urýar, barmaklaryň,
ýa ýüregiň gara ganyn
sarkyp nirden çykmaly sen,
kime umyt, kime gahar,
kine bilen bakmaly sen,
bilmek aňsat bolmaz asla,
soňra geler süri-süri
ökünç, ahmyr, arman bilen,
gürrüň berseň, diňlejek ýok,
durmuş näme, boş gürrüňmi,
ýa syýahat, gutarmaýan,
onuň öňi belli, emma
soňy has soň bolýar aýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024