Çykalgasyz çykalga

Ene-ata berýär oglun gulluga,
gyzyn gyrnaklyga meýletin, çünki
ata-babasyndan alýar görelde,
gören ähli görgüsini açlygyň,
uruşlaryň, asyr aşan, geçmedik,
o gyrada, bu gyrada, daşda däl,
bolşewik dur, öç ataşy öçmedik,
bilýär olar, aýal-erkek, gyz, çaga,
köçede durmaly baýdak galgadyp,
bezenip barmaly, haçan diýilse,
gyzyl diýse, gyzyl geýip barmaly,
ýaşyl diýse, ýaşyl geýip barmaly,
ýa-da sary, ak gyňaçly ejeler,
gara telpek, ak sakgally gojalar,
gep-gürrüňsiz berjaý edip buýrugy,
bolmaly däl hiç duşmanyň guýrugy,
ýöne ilki özüne ýat, keseki,
ogluna ýat, gyzyna ýat bolmaly,
çydamaly diýip azajyk ýene,
gorajak ýok, ýetişjek ýok çagyrsaň,
her kim ýeke, azap çekip ölmeli,
ýöne gülüp, oýnap, syryň bildirmän,
iň esasy ýekedigiň bilmeli,
bilmeli sen ýalňyzdygyn çagaň-da,
düşünmezler oňa galdyrsa başyn,
pitnesini basyp bilmän içinde...
Ogullaryn berýär olar gulluga,
aç saklaýan goşunyna döwletiň,
gyzlaryny berýär, baran ýeriňde
ýerlejek bol diýip, iýseň-de etiň!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024