Hak söz

Sen näçe bas, ýok et eli galamly,
ýüreginde sözi bolan adamy,
aýal, erkek, parhy bolmaz, aýdar ol,
ýazar adam, galar sözi yzynda,
hemme bolmaz toý bagşysy, sazanda,
diňe pula başyn atýan, hä berýän,
ýa araga, ýa tirýege daňylan,
sen näçe bas, beter bolar ýazyjy,
beter bolar şahyr, köpeler ýene,
sen olary gömseň, gögerer müňläp,
ýaşa, müň däl, çydap bilseň, has uzak,
çek derdiňi hak söz çykanda, iňläp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024