Şükür goşgusy
Aşak basylan işleri ile çykarýan ildeşlere bagyşlanýar
Şükür, zulum ýok etmedi hak sözi,
gara töhmet ili almady dolap,
gundap gujagynda saklap bilmedi,
öldürse-de onlarça müň adamy,
har etdi, zar etdi türmede, dogry,
ýa öýünde, el-aýagy baglangy,
ýoly bagly millet gitmedi eräp,
bedew bady bilen köpelip ogry.
Şükür, ruhnama almady ili,
ruhnama nesli bolmady gelen,
başga eser, başga pikir ölmedi,
başga sözli, başga niýet, arassa
adamlary doly salyp bilmedi
türmesine, jübüsine töhmetçi,
alym bolan, kitap ýazanyň bary
diýmedi iki gün iýsem bor fitçi.
Zulum etdi, edýär elden gelenin,
emel berip, medal berip alana,
çyn çekildi, galat çykyp alaňa,
millet dymdy ýalan diýmän ýalana,
aýdyň, diýiň, bu nirede bolmady,
ýa nirede bolmaz ýene, ýüň gazyk
ýere gider, çekiç gerek däl käte,
depä çyksa uzak ezilen azyp...
Dogry sözi doga edinen millet,
çekilmeli boldy yzyna, çünki
KGB dur, türme durdy öňünde,
agzy açyk, çynyn aýdan gowgada,
çekilmeli boldy adamsyz ada,
emma, şükür, gutarmady adamlar,
başga-başga pikirleri, görüşi,
olar işin etdi oturyp ümsüm,
ýok bolmady, ölüp-ýitip gitmedi,
çykýar indi ýuwaş-ýuwaş dogry söz,
bir o ýerden, bir bu ýerden, bar esli,
gözbaş alan çeşme ýaly daglardan,
kitap bolup, diňe sanly däl, sesli.
Şükür, türkmen sözi ölmedi, galdy,
şol bir söz däl, ýalan-ýaşryk, ýasama,
başga sözi bilen ýaşaýar millet,
käte göni aýdyp, diýip bolmaýan,
emma mydam ýüreklerde, ölmedik,
käsi ýygra, käsi biraz çekinjeň,
ýöne başga, dil tansyna gatnaşyp,
zulumyň öňünde epmedik dyzyn,
buýsanjy bar onda päkize gyzyň,
ýigitleriň, jandan geçen ýurt üçin,
şükür, zulum ýok etmedi türkmeni,
dogry eken, gördi geçeni, göçi,
gör, bakaly, nirä barar ol indi,
ötük ahyryndan ýagty göründi,
gözüň aýdyň, millet, çöregiň bitin,
dogry sözi, hak sözüňi goradyň,
diýeni bolmady guduzlan itiň!