Iliň ýagdaýy
Eger millet islesedi eşitmek,
gowagyň daşyndan gygyrsaň çala,
eşiderdi, ýalňyş düşünme oňa,
ol akylly, samsyk bolup bilmeýär,
samsyk bolsa, belki, galmazdy diri,
gülýän mydam gülkünç bolup gülmeýär,
ýa aglaýan mydam aglamaz irip,
soňy gelmez kemsitmeden, ejirden,
eger millet üýşenmese özünden,
belki, tanap içindäki arwahy,
ýa gorkmasa eşitmekden, seniň däl,
öz içinden gelýän köp ýyllyk sesi,
sen diýmänkän, geplemänkäň bilerdi,
düşünerdi diýjek bolýan zadyňa,
şonuň üçin düşün oňa kämahal,
kim ýa näme diýse diýsin adyna.