Seniň gaýgyň
Magtymguly aýdan garrydar gaýgy,
gam öldürer, emma gamsyz, gaýgysyz
ýaşaýyş ýok, bolmaz, belki, hiç haçan,
bir şahyryň aýdyşy dek, ýaşajyk,
sen ony gizleme, ýaşyrjak bolma,
basma aşak depesinden, ýazgarma,
agla käte, gerek bolsa ses edip,
syl gözýaşyň, gözi, ýüregi guran,
nem syzmaýan adamlardan utanma,
biri bolma öz-özüne ýatlaryň,
iki ýüzliň, bolan bolýan gaýgysyz,
gülen bolýan aglamaly ýerinde,
boýnuňa al gaýgy-gamyň içdäki,
ne-hä ýigren, ne beter et derdiňi,
çykar ony, gürleş, otur bir ýerde,
diňle eger dökse birden içini,
sypa başyn, oglan ýaly ýenjilen,
daş obada, köpläp alyp daşyny,
çykyp bilmän garşysyna başa-baş,
dogry, syla Pyragyny, iliňi,
ata-baba däbiň sylaýan bolsaň,
ýöne diýme gam öldürer, ýitirer,
unutjak ýa gaçjak bolma, hasratyň,
gaýgyň seniň bilen galar hemişe,
eneň galsa, ataň galsa ýadyňda,
mazaryna bir pil gumuň ýetmedik,
gaýgy-gamy bozjak bolma adyňdan.