Ýakyn howpy
O birisi gep getirip,
diri bilen duşman eder,
telefon bar, gürleşersiň,
juda batsa ýüregiňe,
belki, aýdan puşman eder.
Bu birisi gep getirip,
öli bilen duşman eder,
telefon ýok, jaňlaşmarsyň,
näçe batsyn ýüregiňe,
tirkeşensiň, awy gatar
bile iýen böregiňe...
Biz bu ýere nädip geldik,
aňsat sorag, jogaby kyn,
dogan etjek, dost etjek ýok,
ýatlar gowy, ýaman ýakyn.