Bu durmuş

Bu durmuşda olar näçe
isleseler ýaşar şonça,
bu güzapda olar näçe
çydasalar ýaşar şonça,
emma biri çydamasa,
soň ikisi çydamasa,
soň çydaman üçünjisi
tursa ýerden gazap bilen,
aýtsa gepin, diýse sözün,
o birisi ýumsa gözün,
beýlekisi ýumsa gözün,
gulagyny dyksa köplük,
ýa birisi eýläk çekse,
beýlekisi beýläk çekse,
onuň, munuň aýdan gepin,
diňlemese biri-birin,
ýa-da diňläp, iň gowynyň
bileleşip gazsa görün,
bilmen, näçe dowam eder,
bolmaz, belki, soňun gören.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024