Namazdan soňky söz

Hemmesine arak berip,
hemmesine tirýek berip,
azdyrmarsyň milletiň sen,
börek berip ökdeläne,
dil tansyna, el tansyna,
çapak-çapak, agyrmasyn,
der dökeni döwüm nana,
çaý puluna zar edip kän,
din-imandan bizar edip,
bir-birine goýup garşy,
pilin alyp, öz gabryny
gazdyrmarsyň milletiň sen!..

Saňa mälim o metjitde,
bu metjitde namazyny
ýüreginden okaýan är
bir, iki däl, örän kändir,
durmuş boldy açyk Kuran,
okan bilýär kim adalat,
kim pul üçin elin serýär,
hakyn alýan, haksyz şugul
getirýändir habarlaryn,
meger, şondan azan begler
elden berýär sabyrlaryn.

Aýlyk berip ölmez-ödi,
ýa-da aýlyk bermän asla,
goýun güýlen ýaly güýlüp,
ýetde-gütde günda saklap,
ýok etmersiň hiç milleti,
biri galsa, o metjitde,
bu metjitde, ýa öýünde
namazyny okan çyndan,
ýa ynanýan haka, Alla,
hakyn iýseň ulus-iliň,
hiç gorajak bolmaz seni,
bolsa bolsun müň nökeriň,
aýtmasaň-da gelip maňa
bilýän, uky haram saňa,
ýöne etjek kömegim ýok,
düşün düşen ýagdaýyňa!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024