Ýurt urşy
Ol ýurduna diňe gelip,
geçip gitjek däldi düşläp,
ýer depjekdi, bag ekjekdi,
jaý saljakdy kerpiç guýup,
emma ony goýmadylar,
gazyp, aýak astyn oýup,
Nesimi dek derisine
saman dykjak kändi soýup...
Döwlet boldy bag duşmany,
palta salyp, çapdy baryn,
aşagynda oturgyçlar
ýok edildi, garry-gurty
gybat edip oturmasyn,
şäher takyr kelle boldy,
epgek geldi gasyn-gasyn.
Gaçdy pahyr, ýat illerde
ýer berdiler, ekindi bag,
alma, armyt iýýär üzüp,
şahasyndan bişen wagty,
a yzynda, ezýär ili,
ýatyp bilmän alan tagty.