Seniň hakykatyň
Hakykatyň ýedi tarapy bardyr,
ýedi kişi ara alyp, seretse,
bu tarap, o tarap köpeler ýene,
adam sany köpeldikçe daşynda,
nämeler diý, getir haýsy delili,
kömek etmez, her kim özünde galar,
ýaşar adam öz çäginde, çygrynda,
hem aslyşar başgalardan, pes bolsa,
wezipesi beýik bolsun, ýa puly
has kän bolsun, dünýä sygmasyn maly,
adam görüp bilmez özünden artyk,
ýa edenli görünýäni halamaz,
boýun alyp bilmän galanyn nirde,
gürrüňini eder bolsa, bolmasa,
öz ömrüni goýan ýaly gapdalda,
belki, näme diýýänine düşünmän,
ýa-da ünsi çekjek bolsa özüne,
görüp, turup jogap bermek gerek däl,
bolsa bolsun ýakynlaryň ýakyny,
ýa ýedi ýat, o bir ýurtdan gygyrýan,
hakykatyň ýetmiş tarapy bardyr,
saňa gerek öz tarapyň, agyrýan...