Durmuş näme?
Durmuş näme, muny bilýän köplük däl,
öwretjek köp, özi ýaşap, ýaşaman,
öz ýalňyşyn aňlamaýan has ökde
öwretmäge, görkezmäge özgäniň
ýalňyşyny, barmak dürtüp gözüne,
kazylar kän, garalawçy kän örän,
ýöne o gün diýdi birisi durmuş
bize berlen ýeke-täk zat, jyn urmuş,
saklajak bolmaly, gaçyrman elden,
iň esasy ejir, azapdan daşda,
gypjyn-gypjyn bolman ozaly dilden,
gorkmaly däl näme diýerler diýip,
ýykmaly däl içden, özüňi iýip,
gülmeli gülkiňi tutdursa durmuş,
aglamaly aglamaly zatlara,
sylamaly sylanlary, geň galman,
düşünmeli sylamaýan adama,
erbetlik däl, diläp gowy durmuşy,
sylar ýaly iň bolmanda özüňi,
durmuş näme, ýalňyşmasam, kämahal
durmuş bolar diňe açsa gözüňi!