Arkaç hakykaty
Sen adam, adam däl kanun bolmasa,
ýa-da kanun işlemese seň üçin,
işlese ol diňe egni jäheklä,
çinli üçin işlese ol artykmaç,
aýdan sözüň garşy bolsa özüňe,
seni sylap, aýap goýmaýar Arkaç.
Garalawçy, prokuror, kazylar,
satyn alan wezipesin, bergiden,
borjundan basylan basmaly seni,
gorkuzmaly, gyssamaly, meýletin
berip gaýdar ýaly bolan malyňy,
ýa-da bergä batyp, gara başyňy
satyn alyp ýaşamaly ýalandan,
hiç kim üçin täzelik däl bu habar,
kanun ili goramaýar ýokardan
arka tapyp, möhür alyp gelenden,
durmuşy bu adamlaryň ezilen,
ezilmeli ýene islese näçe,
olar turup, hakyn sorap bilmeýär,
nähak urulýany gorap bilmeýär,
görmezlige salýar ak ertir, gije,
goşun, ogul-gyzy milletiň, iliň
"haçan baryp ur diýseler urmaly,
dur diýlese durmalyda" ýaşaýar,
ýaşaýar il ýalan bilen nikaly,
ýa nikasyz, ýok ynamy, imany,
olar bilýär bu bir saňa garşy däl,
ulus-ile garşy başlanan uruş,
gutarmaýan uruş gepleşik bilen,
çünki ýarag, azyk, odunyn daşap,
arabasyn çekip batgaly ýoldan,
tankyn sürüp, atyp berip topuny,
bütin millet durýar özüne garşy,
sen adam, adam däl, kanun bolmasa,
diýýär olar çekäý başarsaň arşy...