Gal ýeriňden, kak üstüňi

Gal ýeriňden, kak üstüňi,
sowetleriň tot-tozanyn saklama,
"Ruhnamaň" çöp-çalamy gerek däl,
özi ýadap gider diýip çaklama!..

Sen özüňi ýitiripsiň, görýärin,
ýok, bu ýalan, gözlemänsiň özüňi,
tapmak üçin galdyrmaly başyňy,
seretmeli öňe biraz, azaşyp,
eger başyň galdyrmagy bilmeseň,
sen ýere däl, özüňe ýük ozaly,
ýakynyňa, ýatlara ýük bir ýerde,
seniň ýaly ýatan üçin dik duran,
durjak bolýan aýagynyň üstünde,
deň bolmadyk darkaşlarda surnugan,
ýaralanan, ýa-da suwsan, gözlerin
ogurladan suw agtaryp salgyma,
tur ýeriňden, gözüň ýaşsyz aglama,
çaga ýaly, diýenini etdirýän,
besdir oýun, besdir hile, emeliň,
galdyr başyň, aşak salma gorkudan,
seniň günäň baş götermek, turmak däl,
ýüzüň, gözüň aşak salyp durmakda,
garap bilmän garşydaşyň ýüzüne,
güýçli ýaly görünse-de daşyndan,
gorkusyndan gije ýatyp bilmeýän,
şonuň üçin urýar olar taýaksyz,
şonuň üçin ýalan sözlenýär günde,
etmek üçin ili elsiz, aýaksyz,
bilýär olar, ajyň aňy bolmaýar,
ýykylma sen öz öýüňde, sürgün dek,
galdyr başyň, jykla töşwerek-daşa,
iň bolmanda gözüň çykar ýorgandan!

Gal ýeriňden, dyzyňa gal öňürti,
ýa bolmasa, tirsege gal, düşeksiz,
ýa-da gaty kilim edip durmuşyň,
bizar bolma ýaşamadyk ýaşyňdan,
kem gözleme gözüň bilen gaşyňdan,
gelen bolsaň synaň sagat, akyl-huş
beren bolsa Alla, sebäbi bardyr,
sen turmaly, dik durmaly, gitmeli,
ýatmaly däl yrsgal üçin, gabahat
synanyşman ak baýdagy galdyrmak,
ýok, bu güýçli garakçydan gaçmak däl,
has öňürdip, gaçyp ölmek özüňden,
öz ýüzüňe garap bilmän gönümel,
öz gözüňe garap bilmän gňnümel,
buýrulany bitirmek däl, ýitirmek,
ýasynda däl dogan-gardaş, dost-ýaryň,
özüň ölüp, diri ýasda oturmak,
el galdyryp, doga edip özüňe,
ýatan ýeriň ýagty, beýleki diýip,
gözýaş etmek çykalga däl, bolmady,
bolmaz seniň ogul-gyzyň üçin-dde,
gal ýeriňden, görkez gowy görelde,
göreldesi ýetik öňem çökeniň,
maýrylanlar maýryp bildi milleti,
gal ýeriňden, çek özüňden minneti,
garaşma hiç, gelmez, ýetişmez Alla,
özüň ýyksaň özüň içerden itip,
gal ýeriňden, ýitme, ýitenler ýitip,
okamadakyk, dokamadyk, geleňsiz,
ýa köp bilip, oýun edip, durmuşa
guşdur öýdüp, tutman iýilýän ütüp,
ýeri, ýurdy nätdi, görýärsiň indi,
düşünýärsiň, oglanjyk däl, çaga däl,
ýigit çykdyň, oýun döwri gutardy,
gal ýeriňden, dogan, ýatan süriniň,
ýok etjegiň özün ýok öňi, ardy,
biri bolma iň bolmanda şolaryň,
gal ýýeriňden, ynan, diýme ölerin,
ýaşaryn diý, ömür başyň egmek däl,
ýola çykmak, gitmek diýip gelerin!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024