Düýşdäki duşuşyk

Men o gün düýşümde ak köýnek geýip,
ak penjekli, ak balakly, ak köwüş,
ak şlýapa bilen garaňky gijä,
girip gitdim, pikir etmän hiç hili,
a ol görüp, basdy meni bagryna,
gujaklady uzyn elleri bilen,
a soň içden gelip, gözlerim tutdy,
pyşyrdady gulagyma: Bilýärin,
tanaýaryn seni, ýagyş ýaganda,
garaňky hem bolsa çykýardyň köçä,
topugyndan edip bulanyk sili,
ýaşaýardyň, razydyň özüňden,
nämä gerek boldy goramak ili,
nämä gerek boldy bu uruş saňa?
Jogap berjek boldum, gyssanmaç, daňa
gözi düşen ýaly, sogrulyp içden,
girişi dek çakgan çykdy-da gitdi,
görjek boldum onuň ýüzün, ýeňsesin,
çala aýlap göz gytagyn, jorapsyz,
gulagymda galdy ak daban sesi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024