Näme etdiňiz?
Näme etdiňiz otuz ýylda,
bitiren bir işiňiz ýok?
Goşuňyz ýok arkaňyzda,
ýa bişiren aşyňyz ýok...
Kazysy kän ýatan iliň,
gözün açan sorag berýär,
düşünjek däl jogap berseň,
beter boljak, bilýäň, görýäň.
Ýüzüň aşak sallamaly,
çekilmeli biraz yza,
öň hökümet çökerjekdi,
indi gaçan ýykjak dyzap...
Gyzarmaly ýüzüň bolsa,
utanmaly, gynanmaly,
ýöne başga alajyň ýok,
ýene, ýene synanmaly.
Dogrudanam, näme etdik?
Agyr sorag, salýar güýçden,
göwnüň geçýär öz-özüňden,
eliň buz dek bolýar işden.
A soň ýaňky, sorag berýän,
iş görkezýär, tutýaň ýakaň,
soňra gaçýar gara gorpa,
ýanýar ýene eje, kaka...