Surat

Edenli halk

Üstünden gum guýýan halky,
çuwal bilen, Garagumdan,
ýa kellesin sokýan çägä,
eliňdäki galam bilen
gazyp alyp bilmersiň sen,
çykarmarsyň çägelikden,
özi baryp, batsa iliň,
eşekli ýa düýeli däl,
atly-da däl, has edenli,
ata-baba düýşe girmez,
"Jeep cherokee" menen kileň,
ýa başga bir güýçli ulag,
çümýän halky öz-özüniň
boşlugyna, hoşlugyna,
çykarmarsyň goşgy bilen,
okamaz ol, diňlemez ol,
galar ýalan yşgy bilen

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024