Surat

Arzan senet

Men ol bagşylary diňledim, gördüm,
oglanlykdan, toý-tomguda çalsalar,
dutarlaryn, gyjaklaryn... agladyp,
her aýdymdan, her sazdan soň adamlar,
'sag bol, berekella, gulagyň posun,
ýüregiň posuny açdyň' diýişip,
alkyş baryn aýdardylar, ýaş diläp,
görüp, bilip, bilmän arak, tirýegiň
adamy nähili edýänin harap,
ýa keýp üçin itip adamy gorpa,
şu sebäpden käte iline ýarap,
aýdym aýdan, saz çalanlar ir ölýär,
ady galýar, käbirleri ýatlanýar,
aýdymlary, sazy üçin kämahal,
emma zady ýok olaryň ogluna,
ýa gyzyna goýan, aýdym diňlejek,
saz diňlejek millet başga birine
'berekella' diýýär, alkyş okaýar,
saçagyny boldan ýazyp öňünde,
olara saglygy gerek däl bagşyň,
sazandanyň, soň çagasy aglaýan,
gerek ile arzan senedi ýagşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024