Iň 'krutoý' halk
Adamy her hili aldasaň bolýar,
aňsat, kyn däl, eger özi islese,
ynanasy gelse arzan ýalana,
sorag bermän, başyn atyp ýaşamak,
ýaşan bolmak ýolun saýlasa millet,
sen adam däl, ne aslyň bar, ne ataň,
ne-de eneň, men bolmasam ýok bolup,
ýitip gitjek neberediň diýseler,
'hawa' diýip, goşgy ýazar, saz düzer,
ýa beýleki, iň 'krutoý' diýseler,
aslyň şeýle, diňe şeýle galmaly,
gerek bolsa, süri-süri ölmeli,
gyrylmaly diýseň, ynanar, gider,
aldanasy gelen diňe özün däl,
köplük bolsa, ulus-ili har eder.