Intellektual

“Mert özünden görer – diýdiler oňa,
- Namart görermişin ýoldaşdan diňe.”
Ol özünden gördi ýeke galanyn,
Ýöne süýşjek boldy barybir öňe.

“Özüni aklamaz bigünä bolan,
Päk bolsaň, aklama – diýdiler – özüň!”
Ol dymdy, dişini gysdy, çydady,
Şeýdip böwet basdy öňüne sözüň.

“Özüni öweniň tanapy çüýrük”,
Diýdiler: “Sanaşma samsyklar bilen!”
Ol içden örtendi, daşdan ýylgyrdy,
Sebäbi aglandan gowumyş gülen...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019