Adam we many
Adam hakda aýdylmadyk söz tapmak,
aýtjak bolmak, belki, akyllylyk däl,
dogry, ol geň, düşünmeýär özüne,
ýa durmuşyň nämedigin bilmeýär,
ýa-da muny bilmek gerek däl oňa,
käbiri bar, çekýär özün bir gyra,
görmedigi, bilmedigi adamlar,
it-pişigi, aty has gowy, belki,
ýa tokaýda baglar bilen gürleşýär,
beýlekisi etek alty, ýeň ýedi,
ýetjek bolýar, boljak bolýar bar ýerde,
gelip ýa-da ýolda duşup gür berýär,
öz ynanýan ýa-da ynanan bolýan
hudaýyndan, hakykatdan söz açyp,
ýene biri güzeranyň yzynda,
birisi pul, biri maşyn toplaýar,
görkezesi gelýär bolanja zadyn,
artyk ýaly, mysal üçin sagady
gymmat bolsa, ýa-da bolsa başgarak,
siňe baksaň, manysy az durmuşyň,
ýa ýadapdyr adam ýok zady arap.