Surat

Köşk oýny

Ýüzükli han, ýetim, samsyk diýilýän,
açylmanka açgözlügi entek kän,
adamlary çagyrardy, gülerdi,
ýylgyrardy ak gürekden, mysapyr,
ugrun tapyp gürleşerdi, sorardy,
näme gerek, at-dereje, maşyn, jaý,
diýerdi ol düşünýärin, siz ýaly,
menem tämiz, düzüw ýurdy isleýän,
kanun bolsun, düzgün bolsun watanda,
şeýdip onuň daşy doldy kem-kemden,
hem özüni, hem il-günün satandan,
ýöne pahyr ynjalmady, bir-birden
gapyl basyp, dyndy doýup ýatandan,
wezipesin ýassyk edip, ynanyp,
ok iýýänçä hiç tüpeňsiz atandan,
indi başga döwür, gürrüň gutardy,
ynanýan ýok bir-biriniň sözüne,
hala içi, hala daşy watanyň,
bakmaz boldy bir-biriniň gözüne.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024