Ownugyň kesbi

Uly işler etjek adam,
ýa ýagşylyk, galjak uzak,
taryh şeýle, yza baksaň,
birleşdirýär adamlary,
ýa söz bilen, ýa iş bilen,
ýa ikisin goşup, garyp,
suwa girip, oda urup,
emma ownuk bolsa adam,
uly işler etjek diýip,
turuwbaşdan ony muňa,
muny oňa garşy goýup,
bölýär iki adam tapsa,
gelip biljek bir nokada,
kitap ýazmak nämä gerek,
gul edinjek bolsaň ili,
sesin kesip daş sokuda?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024