Alynmajak ar
Arada bir şahyr ýazdy gynanyp,
zyňan daşlaryna saga hem sola,
käte, dogry, hiç çenenmän, keýpine,
käte çenäp, duşman saýyp birlerin,
adyn, abraýyn peseltjek bolup,
indi bilýän, nädip geldim bu güne,
nädip öldi göwnüň arslan, şirleri,
diýdi pahyr düşündim men biderek,
pikir etmän ýaşanyma kän ýyly,
ýa näme üçin erbet adamyň haly,
o daşlar, ulusy, kiçisi, bary
zyňylmadyk bolsa birek-birege,
daşlaşdyryp, aýryp dost bilen ýary,
köçelerde, ýolda, öý bilen öýüň,
arasynda dag bolmazdy ulalyp,
jaý salynsak, binýat bordy düýbüne,
ýa basgançak etsek, betona garyp,
ýa-da heýkel diksek ölen şahyra,
çykyp gelýän edip gaýany ýaryp...
Arada bir şahyr ýazdy gynanyp:
Men nädip özümden alaýyn arym?