Selki
Adam goşgy ýazýar, aýdym döredýär,
saz çalýar ol, çagalykdan öwrenip,
bütin ömrün berip, dogurýar eser,
ýany bilen alyp gitmek üçin däl,
pul üçin däl, at üçin däl hemişe,
goýýar ony ortalykda al diýip,
jübiňe däl, ýüregiňe sal diýip,
sagbolsun diý, alkyş oka diýmeýär,
kaýyl, belki, daş zyňmasaň uzakdan,
sebäbi ol gözelligiň aşygy,
mähir-muhabettiň aşygy, belki,
bilmesek, almasak saýlap gowyny,
döreden däl, sen, men bolarys selki.