Gapma-garşylyk

Çapyp barýan atyň ýüzüne urma,
diýer olar, emma edýän zatlary
şundan gowy bolan däldir hiç haçan,
diýer olar iýme ýigidiň hakyn,
emma garaş, köp bor talanyp gaçan.

Iň esasy - adyň garalar olar,
yhlasyňy ýarag edip garşyňa,
ulanarlar işiň bolsa bitiren,
ýüregiň ak bolsa, ýaralar olar,
ýöne düşseň biraz aşak, deňine
golaýlasaň bary gorkar, çekiner,
göz öňüne gelip eden işleri,
bilmezden däl, bile-göre hemişe,
peslikleri çykmaz ýatdan, aç-açan
eden namartlygyn unutmaz olar,
ýöne dogry, bildirmedik bolarlar,
özüne kyn öz porsusy aňkanyň,
otdan aýyr, çekil biraz uzaga,
için gyrma hünni gara taňkanyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024